На главную Архив Досье Земляки О нас Контакт

21/05/08
Begench Aydyn

Turkmenistany kim dolandyryar?

 (Baknalygyn dowamlylygy)

Turkmenistanda 2006-njy yylyn 21-nji dekabrynda president Saparmyrat Nyyazowyn aradan cykmagy yurtda hakimyet krizisine getirdi.  Ozal bir adamyn eradasy bilen dolandyrylyan yurdunda parlamendin, erkin sudun  doly derejede islemeyan wagty, demokratiyanyn esasy sutunleri bolan, kop partiyalylyk  we soz azatlygynyn  gadagan edilen yerinde, dowlet yolbascysynyn dunyeden gitmegi yurtda garasylmadyk yagdaylary yuze cykardy.

Konstitusiyada president  ol ya basga bir sebaplere gora wezipesini yerine yetirip bilmedik yagdayynda, taze president saylanyanca onun wezipesini mejlisin baslygyna yerine yetirmek hukugy berilen hem bolsa, maddalaryn  depelenip,  asgerilman  basga bir  wezipedaki adamyn  dowlet  yolbascysy edilip gumurtiksiz goyulmagy, yurtda  bir guyjun syyasy sahnada hereket edyanligi  yuze cykdy.  Sol  syyasy guyjin  gorkezmesi  bilen  Gurbanguly Berdimuhammedow  Turkmenistanyn presidentligine gorkezildi we onun saylanylmagyna esas boldy. Berdimuhammedowy goldan we onun saylanmagyna sebap bolan guyc kim? Kop habar beris serisdelerinde bu roly Saparmyrat Nyyazowyn goragynyn onki baslygy general Akmyrat Rejepowa (hazir ol 17 yyl is kesilip Owadandepe diylen tussaghanasynda  yatyr) berlipdi. Yone yurtda syyasy goresin duzgunleri uytganson Turkmenistanda hakyky hojayynyn kesbi ayan boldy.  Ol adama Wiktor Mihaylowic Hramow diyyarler. Taze president wezipa saylanyp isine baslanda, ol yany bilen islesip biljek adamlaryny getiryar. Emma Berdimuhammedow janyny we syrlaryny ynanyp yanynda oturyan komekci wezipesine mejbury Saparmyrat Nyyazowyn komekcisi Wiktor Hramowy bellemeli boldy.  Hramow 1985-nji yyldan bari Saparmyrat Nyyazowyn komekcisi bolup isleyar. Sol dowurler Moskwadan hokman onki Soyuz  respublikalaryn yolbscylarynyn yanyna merkezden, yagny Moskwadan bir adam berkidilyardi. Ol adam Moskwanyn gulagy we gozi bolup isleyardi.

2006-njy yylyn 21-nji dekabrynda Nyyazow  aradan cykanda, Moskwanyn dikmesi gyssagly alada edip, yurdun gozegciligini elinde saklamak ucin aygytly herekete girisyar. Hramow Moskwanyn adamsy bolany ucin ondan sol wagtky presidentin goragynyn baslygy general Akmyrat Rejepov,  Turkmenistanyn Milli howupsuzlyk we iceri isler ministrleri hem cekinyardiler. Olar onun aydan sozuni bir diydirman yerine yetiryardiler. President kosgunde isleyanlerem ondan gorkup koridorlarda ona dusmajak bolup calysyan  ekenler.

Hramowyn tasiri yurtda uly bolanson, onun yakyn garyndaslaram ol yagdaydan gerekli peydalanyarlar. Ayaly birnace adamlary jogapkarli wezipelere beletdyar. Olaryn giyewsi 28 yasynda podpolkownik derejesini alyp, Turkmenistanyn iceri isler ministrliginde ykdysady howupsuzlyk boyunca jogapkarli wezipelerin birinde isleyar. Onun yurtda alyp baryan  hapa isleri  barada  kop gurrunler edilyar.  

Wiktor Hramow  Turkmenistanda  syyasy ideologiyanyn, yagny yurtda  sahsyyet kultunyn yoredilmegine hem uly gosant gosan adam.  Hazir Turkmenistanyn metbugat isleri boyunca jogapkar isgari Annanur Caryyarow dine Hramowyn gorkezmesi bilen is alyp baryar. Yakynda Hramowyn gazet hem zurnal, radio telewideniye yagny ahli metbugat isgarlerinin onunde Turkmenistanyn taze prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyn  sahsyyetini galdyrmak barada mesele goydy. Turkmenistanyn su gunki metbugatyna syn etsen Hramowyn goyan meselesinin yol alyanlygyny gorsen bolyar.

Turkmenistanyn kanuncykaryjy ya-da olary tassyklayjy organy bolan Mejlisin islerine hem Wiktor Hramow iki eli bilen yapysyar. Mejlisin baslygy Akja Nurberdiyewa  her gezek  Halk maslahatyny gecirmage tayarlyk gorende  hokman Hramowyn gorkezmesini alyp sonun aydysyna gora geciryar. Taze  presidentin portretlerini gotermek, maslahada gatnasyan wekillerin welayat-welayat bolup oturmaklary, olaryn or turup capak calmaklary, cykys etjek adamlaryn sanawyny tassyklamak, bularyn hemmesini Wiktor Hramowyn gorkezmesi bilen Mejlisin baslygy Akja Nurberdiyewa tabsyrylyar. Nurberdiyewa mejlisin wekillerine yapyk gapyda Wiktor Hramowyn sozlerini getiripdir.  Onun aytmagyna gora halky gozegcilikde tertip-duzgunde saklamak ucin hokman sahsyyet kulty gerekmis.

Hazir Berdimuhammedowyn yakyn egindesleri bilen Hramowyn arasynda uly gapma-garsylyk gidyar.  Hramow  Presidentin yakyn egindeslerine yurtda gecirilmeli adam  bahbitli reformalaryn  onunde bowet bolyar.  Berdimuhammedowyn egindesleri kopluk bolsada hazire cenli agramlyk Hramowyn tarapynda duryar.

Hramow yurtda dowlet yolbascylaryny bellemek isine hem aktiw gatnasyar. Presidente gelyan adamlaryn sahsy dokumentleri Hramow tarapyndan kopusi yzyna gaytarylyar. Dokumentleri gaytarylyan adamlar esasy inellekt taydan yokary we presidentin yurtda gecirjek peformalarynyn tarapdarlary bolanson, Hramow olaryn uly jogapkarli wezipelere yetmegine pasgel beryar. Onun wezipesi prezidentin komekcisi bolsada, eli gaty kop yerlere yetyar. Elbetde bu yagdaylary President Berdimuhamedow bilsede, ona hazir hich-hili tasiri yetmeyar.  Ol presidentlige saylanan gunlerinden bari tussagda Saparmyrat Nyyazow tarapyndan saklanylyan uly hemde kici dowlet cinowniklerini hemde syyasy isleri boyunca basylan adamlary azat etmek meselesini cozmek basartmayar. Bu isde ona esasy Hramov pasgel bolup  duryar. Halk arasynda Berdimuhammedow bilen ozal yakyn gatnasykda bolan dowlet yolbascylaryndan onki wise-premyer Yolly Gurbanmyradow, Dortguly Aydogdyyew Bayramalynyn tussaghanasyndan bosadylypdyr diyen mys-myslar bar. Ol mys-myslar hazir yalan bolup cykdy. Ady tutulan cinownikler Owadandepanin tussaghanasynda saklanylyar.

Hazirki gune cenli Berdimuhammedow icerki we dasarky syyasaty ozbasdak cozip bilmeyar. Ol doly Hramowyn erkine bagly bolup duryar. Bu meselede Hramowa yakyndan Turkmenistanyn dasary isler ministri, wise-premyer Rasit Meredow komek edyar. Rasit Merdeow enceme yyllar bari dasary isler ministri wezipesinde oturyp gelyar. Kabir maglumatlara gora Wiktor Hramow Saparmyrat Nyyazow aradan cykanda ilki bilen prezidentin wezipesine Rasit Meredowy goymagy niyetlapdir. Yone Meredowyn turkmen dilini gowy bilmeyanligi we arassa turkmen daldigini nazara tutup, mejbury Gurbanguly Berdimuhammedowyn ustunde duryar. Yagdayy doly gozegcilikde saklamak ucin Hramow Rasit Meredowy prezidentlige tayarlamak isine girisdi. Hazir Rasit Meredow turkmen telewideniyesinde we metbugatynda yygy-yygydan turkmen dilinde cykys edip baslady. Onun hazir eyeleyan wise-premyer wezipesi ona prezidentlik wezipesine dalas etmage konstitusiya girizilen taze uytgesmeler doly esas beryar.

Sonky aylar Gunbatar dowletleri Yewro Soyuz, ylaytada ABS Turkmenistanyn esasy tebigy baylygy bolan gazyny Kaspi denzinin usti bilen Yewropa gecirmek maksat edinyarler. Bu meselede energetika boyunca ABS-yn Yewroaziyadaky wekili Stiwen Men birnace gezek Asgabada gelip nobbuka atly proyekti amala asyrmak maksady bilen president Gurbanguly Berdimuhammedow bilen dususyklar gecirdi. Emma ol geplesikler ABS ucin hazirlikce pozitiw cozulmeyar. Ol meselede hazir Berdimuhammedow doly gutarnykly pikirini aydyp bilmeyar. Elbetde bu yerde hem Hramowyn tasiri yetiryar.

Turkmenistanda hazirki gun icerki we dasarky syyasat Wiktor Hramowyn we Rasit Merdeowyn ona yaranlyk etmeginde amala asyrylyar. Gurbanguly Berdimuhammedow kagyz yuzunde president, yagny hakimsiz hakim bolup galyar we ozune buyrulan isleri yerine yetiryar. Yewro Soyuz hem-de ABS Turkmenistan bilen geplesende ilki kim bilen geplesik geciryanini anyk bilmeli we dine sondan son sertler goyulyp geplesige gecilmeli.

Turkmenistanda doran syyasy yagdaydan Berdimuhammedow name cygalga goryar? Hramowy we Rasit Meredowy dowlet islerinden cetlesdirmek, hem iceri easasam dasary syyasaty, Russiyanyn tasirinden cykaryp, ozbasdak alyp barmak isi gaty cylsyrymly bolup duryar. Sebabi Hramowy Russiyanyn yorite gulluklary gorayar. Berdimuhammedowa olar bilen gapma-garsylyga gitmek oran howuply gorunyar. Ilki bilen onun ozi we masgalasynyn, sonra bolsa yurdun howupsuzlygynyn yitirilmegi mumkin. Asuda yurdy durnuksyzlasdyrmak Russiyanyn yorite gulluklaryna uly kyncylyk doretmeyar. Muna mysal edip Gruziya dowletinin ozbasdak dasary syyasaty alyp barany ucin onun icerki yagdayyna Russiyanyn bikanun gosulmagyny gorkezmek bolyar.

Wiktor Hramowyn hakimligi Turkmenistanda nace wagta cekip biler, yada Berdimuhammedow ykbala kayyl bolup yurdy Russiyanyn eline baknalyga berermi? Ya-da taleyine doz gelip, baknasyzlygy secip alarmy? Bu yagdayda ol halkyny, halkam ony goldarmy? Onun jogaby yakyn aylarda belli bolar…

 

На главную
© Туркменская искра, 2008
Редакция может не разделять мнения публикуемых авторов.
Moscow Russia travel visa hotel